TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gün tertibinde — ŞHG bilen gatnaşyklar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ol daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin ösüşe ygrarlylygyna esaslanýar. Söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleri hem özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar bolup durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: