TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Halkyň Arkadagly zamanasy» Türkmenistanda 2022-nji ýylyň şygary bolar

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Onda 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy we şu ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak hakyndaky teklip biragyzdan makullanyldy.

Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa çykyş edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň, welaýatlaryň, etrap birleşmeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatlarda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmagy teklip edendiklerini aýtdy. Çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny tassykladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: