YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň kärhanalaryna Russiýa Federasiýasyna pomidor we burç ibermäge rugsat berildi

Russiýa Federasiýasynyň weterinar we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugy (Россельхознадзор) 2021-nji ýylyň 10-njy dekabryndan başlap, Türkmenistanyň 88 kärhanasyndan pomidor we burç almaga rugsat berdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Russiýanyň edarasynda bu kararyň türkmen tarapynyň beren Türkmenistanyň çäginde öndürilýän pomidorlaryň we burçlaryň fitosanitar barlagyny geçirenden soň berlendigi habar berilýär.

Ozal Россельхознадзор fitosanitar sebäplere görä GDA-nyň käbir ýurtlaryndan pomidor we burç getirmäge käbir çäklendirmeleri girizipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: