SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana ynsanperwer kömegini bermek hakynda Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwer kömegini bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, «Türkmengaz» döwlet konsernine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary we azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini hem-de gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge borçly edildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: