JEMGYÝET

Türkmenistanly heýkeltaraş Fýodor Dostoýewskiniň bürünç portretini döretdi

Türkmenistanly relýef heýkeltaraşlygynyň ussady Aleksandr Kaşirskiý Fýodor Mihaýlowiçiň bürünç portretini döretmek boýunça işini tamamlady. Relýef heýkeli Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergide görkezildi, diýip. «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň 200 ýyllygynyň şanyna ÝUNESKO-nyň karary bilen 2021-nji ýyl «Dostoýewskiniň ýyly» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanda meşhur akyldaryň, filosofyň we publisistiň diňe çeper mirasyny däl, eýsem, çuňňur şahsyýetini hem öwrenip, ýazyjynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar.

Türkmen ussasynyň döreden Dostoýewskisiniň keşbi umumylaşdyrylandyr. Onuň keşbinde agyr ykbal we ömrüniň dowamynda ondan el çekmedik synaglar janlanýar. Şol synaglaryň beýik ýazyjynyň eserlerinde diňe durmuşy ykrar edýän ýörelgesini berkidendigini boýun almak gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: