YKDYSADYÝET

«Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly nah ýüplükler eksport edilýär

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 29 million 733 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi.

Harydyň 1 müň 194 tonnasy eýýäm sarp edijilere ugradyldy. Onuň umumy bahasy 24 million 976 müň manada barabardyr. Bu ýerde ýokary hilli nah ýüplükleriň 20/1, 27/1, 34/1 belgili görnüşleri öndürilýär.

Kärhanada çykarylýan ýüplükler içerki bazara ýerlenilýär, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Türkmenistanda ýetişdirilen pagtadan egrilen ýüplükleri Birleşen Arap Emirlikleri, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Gyrgyzystan, Gruziýa ýaly ýurtlar satyn alýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: