YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Düzmergen ýaýlasynda kömelek ýetişdirilýär

Uly Balkan dagynyň alkymyndaky Düzmergen ýaýlasynda gurlan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelegiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasynda gelin kömelegi we «weşanka» görnüşleri köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Her biriniň tutýan meýdany 400 inedördül metre barabar bolan jemi 12 bölüminden ybarat bolan bu ýyladyşhanada ýetişdirilýän kömelegiň hasylyny ýygnap almak iki aýlap dowam edýär. Munuň özi bu ýerde ony her ýylda dört gezek ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Kömelegiň gündelik ýygnalýan hasyly günbatar sebitiň ak bazarlary bilen birlikde, Aşgabada we ýurdumyzyň beýleki künjeklerine terligi bilen ugradylýar. Önümçiligiň bölüminiň her birinde günde ýygnalýan hasylyň möçberi bolsa ortaça 150 kilograma ýetýär. Şeýle hem ýygnalýan kömelekleriň belli bir möçberi 480 gramlyk ýörite aýna gaplarda konserwirlenen görnüşde taýýarlamak hem ýola goýlan. Bu işi amala aşyrýan ýörite bölümde terligine ýygnalyp alnan kömelegiň her sagatda bir müň sany şertli gaby konserwirlenilýär.

Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: