YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» 8 aýda 819 tonna halta öndürdi

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda polipropilenden haltalyk matalaryň 819 tonnasy öndürildi. Bu mukdar pul hasabynda bolsa 26 million 289 müň 443 manatlyga deň bolýar.

Hususy kärhanada mundan başga-da her aýda gök, miwe, bakja önümlerini salmaga niýetlenilen plastmassa gaplarynyň hem 45-50 tonna golaýy öndürilýär.

Önümçilige gerekli çig malyň aglabasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: