YKDYSADYÝET

«STT» hususy kärhanasynda şpatlýowkanyň öndürilişi artdyryldy

Işini Köýtendag etrabynda alyp barýan «STT» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 5260 tonna şpatlýowka öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 3868 tonna köpdür.

Hususy kärhana ýerli çig mallardan gurluşykda ulanylýan materiallary çykarmak bilen meşgullanýar. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 359 tonna kafelleri ýelmemäge niýetlen ýelim öndürildi. Hek önümleriniň mukdary bolsa 680 tonna ýetdi. Şonuň ýaly-da, ulanyjylara 3402 tonna gips ugradyldy. Öndürilen gips kartonlaryň sany bolsa 49375-e barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: