YKDYSADYÝET

Ýyllyk meýilnama 277,5 göterim berjaý edildi

«Lebapgallaönümleri» önümçilik kärhanasyna degişli kärhanalar boýunça çörek we çörek önümlerini öndürmekde 2022-nji ýylyň meýilnamasy 277,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýagny, geçen ýylyň 12 aýynda kärhana boýunça meýilnamada bellenilen 16290 tonna derek 45207 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi. Bu ýokary görkezijide Türkmenabadyň 1-nji we 2-nji çörek kärhanalarynyň işgärleriniň hyzmaty uludyr. Şeýle-de kärhananyň işgärleri önümleri wagtly-wagtynda ilata ýetirmekde hem asylly zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: