YKDYSADYÝET

«Dostluk sährasy» hususy kärhanasynda ýokary hilli kerpiç öndürilýär

«Dostluk sährasy» hususy kärhanasy 500 müň manatlykdan gowrak önüm öndürip, ulanyjylara iberdi.

Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän bu kärhana 2014-nji ýyldan bäri kerpiç öndürmek bilen meşgullanyp gelýär. Hytaýda öndürilen tehnologiýalar oturdylan  kärhananyň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem, jaý gurmak isleýän adamlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Kärhananyň işe girizilmegi bilen 20 iş orny peýda boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: