YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» ýedi aýda 6,4 milliard kub metr gaz çykardy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça 2023-nji ýylyň geçen ýedi aýynda gazylyp alnan «mawy ýangyç» 6 milliard 454,6 million kub metre golaý boldy we degişli meýilnama 114 göterimden gowrak berjaý edildi.

Esasy önüm bilen birlikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň hem 24 müň tonna golaýy öndürildi. Habarda bellenilişi ýaly, şoňa laýýklykda ýedi aýyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: