JEMGYÝET

Kazan şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň çäginde türkmen raýatlary üçin saýlaw uçastogy dörediler

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin ýurduň Kazandaky Baş konsullygy öz raýatlaryna saýlaw uçastogyny döreder, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

Bu barada Baş konsul Atadurdy Baýramow tarapyndan Kazan Federal Uniwersitetiniň Elabuž institutynyň (EI KFU) müdiri bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Türkmenistanyň Baş konsullygynyň çäginde Russiýanyň sebitlerindäki türkmen raýatlary üçin saýlaw uçastogynyň dörediljekdigi bellenilip geçildi. Oňa Tatarstan, Başkortostan, Mari El, Mordowiýa, Udmurtiýa we Çuwaşiýa, Perm çäkleri, Kirow, Nižniý Nowgorod, Orenburg, Penza, Samara, Saratow we Ulýanowsk sebitleri degişlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: