YKDYSADYÝET

Çärjew etrabynyň hojalyklarynda süýt alnyşy artýar

Nurpolat Jumabaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Behişdi türkmen kalby» daýhan hojalyg mallary semretmek bilen ýylyň dowamynda olardan 5 tonna eti söwda nokatlaryna ugratmagy göz öňünde tutýar.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri hojalyk 0,5 tonna eti ilata hödürledi. Bu onuň geçen ýylyň şu döwründe ýeten görkezijisinden 100 kilogram köpdür.

Şol etrapdan başga bir hususyýetçi Myrat Ýagşygeldiýewiň maldarçylyk hojalygynda ýylyň başyndan bäri 2 tonna süýt saglyp alyndy. Telekeçi Jorakuly Hemraýewiň maldarçylyk hojalygynda öndürilen süýdüň möçberi bolsa 5 tonnadan geçdi. Ol mallaryndan ýylyň dowamynda 30 tonna önüm almagy göz öňünde tutýar. Geçen ýyl 31,5 tonna süýt öndüren telekeçiniň ýylyň başyndan bäri gazanan netijeleri onuň öňünde goýan maksadyna ýetjekdiginden habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: