JEMGYÝET

Täze hasylyň aladasy edilýär

Ýerden her ýyl ýokary hasyl alýan Ak bugdaý etrabynyň daýhanlary gowaça ekiljek meýdanlary ýaz ekişine ykjam taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.

Geçirilýän ýokary hilli sürüm gowaça ekişini bökdençsiz alyp barmaga we geljek hasylyň düýbüni mäkäm tutmaga mümkinçilik berer. Bu işde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlarynyň hyzmaty hem uludyr. Olar özleriniň erk edýän ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň saz we netijeli işlemegini gazanýarlar. Etrabyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Magtymguly adyndaky, «Bugdaýly» daýhan birleşiklerinde sürüm işleri has guramaçylykly ýola goýlupdyr.  Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti ýazýar.