JEMGYÝET

Daşoguzly okuwçylar bäsleşigiň ýeňijileri boldular

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda «Tebigaty goralyň!» ady bilen fotosurat bäsleşigini geçirdi. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti şeýle habar berýär:

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 7 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşikde Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary üstünlik gazandylar. Ýagny, bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda şol mekdebiň 8-nji synp okuwçylary Bähbit Orazalyýew baş baýraga, Gulmämmet Çopanow 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: