JEMGYÝET

Sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär. «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen geçirilýän bu medeni çäreleriň çäklerinde tomaşaçylar dünýäniň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň, belli dramaturglarynyň ýazan drama eserleri bilen ýakyndan tanyşarlar. Ýagny teatrlaryň sahnalarynda Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetto», Şarl Perronyň «Ädikli pişik» hem-de «Zoluşka», Klod Manýeniň «Oskar», Fransis Weberiň «Täsin adamlar», Astrid Lindgreniň «Körpe we Karlson», Lope de Weganyň «Ugurtapyjy magşuk», Georg Hakeniň «Bir ispan gijesi», Ýukio Kinesirtiniň «Durna umydy» ýaly meşhur eserleri sahnalaşdyrylar. Olaryň görkezilişi 12-nji dekabra çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: