JEMGYÝET

Ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat baş maliýe müdirliginde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Welaýat baş maliýe müdirliginiň welaýat salgyt bölümi we welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi bilen bilelikde guran çäresine bu edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli gulluklaryň öňünde ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini kadaly guramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň we herekete gatnaşýan beýleki raýatlaryň ýol hereketiniň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmeklerini gazanmak boýunça goýan anyk wezipelerini ýerine ýetirmegiň meselelerine seredildi. Raýatlaryň saglygyny, ömürleriniň rahatlygyny goramakda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajypdygy bellenilip, ilatyň arasynda şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň peýdalydygy nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: