Futbolçy Diego Maradona 60 ýaşynyň içinde ýürek agyrysyndan aradan çykdy. Bu barada Argentinanyň «Clarin» neşirine salgylanmak bilen, «sportmail.ru» habar berýär. Türgeniň agenti Matias Morla «EFE» agentligine bu habaryň dogrudygyny tassyklady.
Noýabr aýynyň başynda Dego Maradonany lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin gospitala ýatyrypdylar. Soňurak onda subdural gematomanyň barlygy ýüze çykaryldy. Lukmanlar futbolçynyň beýnisini operasiýa etdiler. !2-nji noýabrda bolsa ony gospitaldan çykardylar. Lukmanlar operasiýany adaty diýip häsiýetlendirdiler we we futbolçynyň huşundadygyny bellediler.
«Ole» neşiriniň ýazmagyna görä, futbolçynyň ýüreginden tutupdyr. Onuň öýüne birnäçe tiz kömek ulagy gelipdir, ýöne futbolçyny halas etmek başartmandyr.
Futbolçy Diego Maradona aradan çykdy

29
Nov