SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Daşkentde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiren Aziýanyň çempionatyndan jemi 20 medal getirdiler

Has üstünlikli çykyş eden ýeňijileriň hatarynda Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowany, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýewi, «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarowy we Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülälek Kakamyradowany görkezmek bolar. Surajbek Sapaýew hem medallaryň üçüsini, Anamjan Rüstemowa bolsa altysyny gazandy. Umuman, şu ýyl türkmenistanly ýetginjek we ýaş agyr atletikaçylar üçin üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Olaryň ýakynda Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda hem medallaryň birnäçesini gazanandyklary bellärliklidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: