SPORT WE SYÝAHAT

HOK-niň mejlisinde sambo ykrar edildi we Olimpiadanyň şygary üýtgedildi

Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK-niň) iki günlük mejlisiniň birinji güni wakalara baý boldy, diýip «ТАСС» ýazýar. Ski-alpinizm 2026-njy ýylda geçiriljek gyşky olimpiýa Oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi, sambo we ýene-de sportuň bäş görnüşi olimpiýa maşgalasynyň doly hukuky agzalary boldular. Şonuň ýaly-da, bir asyr gowrak wagt geçenden Olimpiadanyň şygaryna üýtgetme girizildi. HOK-niň mejlisi «Bilelikde çaltrak, ýokarrak, güýçlüräk» (latynça: «Citius, altius, fortius – communis») diýen şygary biragyzdan tassyklady. Ozalky «Çaltrak, ýokarrak, güýçlüräk» (latynça: «Citius, altius, fortius») diýen şygar häzirki Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer de Kuberten tarapyndan teklip edilipdi we 1894-nji ýylda birinji Olimpiýa kongresinde tassyklanylypdy. Şygaryň awtory de Kuberteniň Oýunlary täzeden dikeltmek boýunça egindeşi, fransuz ruhanysy Anri Didondyr. Şygar ilkinji gezek 1924-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiadada aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: