SPORT WE SYÝAHAT

«Ahal» futbol topary AFK-niň Çempionlar ligasynda geçirilen oýunlarda 4 utuk gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň kümüş medalynyň eýesi we Kubok ýaryşynyň finalçysy «Ahal» futbol topary  7 — 27-nji aprel aralygynda AFK-nyň Çempionlar ligasyna ýaryşlarynyň Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen toparçalaýyn tapgyryna gatnaşdylar we 4 utuk gazandylar.

Bu bolsa türkmenistanly futbolçylaryň alty duşuşykda bir gezek ýeňiş gazanyp, bir gezek hem deňme-deň oýnandygyny görkezýär. Yklym ýaryşynda «Ahal» Eýranyň «Fulad», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bilen birlikde «C» toparçada geçirilen oýunlara gatnaşdy. Ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan türkmen futbolçylary ahyrky duşuşygynda Kataryň «Al-Garafasyny» 4:2 hasabynda utdular.

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, «Ahalyň» futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky alty duşuşygynda garşydaşlarynyň derwezelerine alty top geçiripdiler. Şolaryň dördüsini tejribeli ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow öz adyna ýazdyrypdyr. Galan iki topy bolsa Abdy Bäşimow bilen Mirza Beknazarow geçiripdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: