YKDYSADYÝET

Owganystanyň energetika sektoryny ösdürmek barada Üçtaraplaýyn protokola gol çekildi  

Türkmenistan, «Çalik Holdings» we «DABS» owgan kompaniýasy Owganystanyň energetika sektoryny ösdürmek barada Üçtaraplaýyn protokola gol çekdiler.

«DABS»-nyň saýtynda habar berilişine görä, owgan tarapy şonuň ýaly-da «Türkmenenergo» bilen «Nur-ul-Jahad» elektrik bekediniň kuwwatyny 110 kW-dan 220 kW-a çenli köpeltmek barada şertnama gol çekdi. Şonuň ýaly-da, TOP-nyň we kuwwaty 500 kW barabar bolan «Şebergan — Daşt-i-Alwan» elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp başlady. Bu türkmen elektrik energiýasyny Kabula we Owganystanyň beýleki welaýatlaryna ýetirmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: