TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanly zenan telekeçiler fransuzça gürlärler

Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty elektron söwdanyň ählumumy meýdançasynda onlaýn söwda etmek isleýän telekeçi türkmen zenanlaryna, senetçilerine, çeper elli ussatlara degişli telekeçiligiň fransuz dilini öwrenmek üçin okuwlar guraýar, diýip «Türkmenistan altyn asyr» saýty habar berýar.

Bu taslama Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Innowasion taslamalara raýdaşlyk gaznasynyň maliýe taýdan goldamagynda Merkezi Aziýada fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde işläp başlady. Şeýle hem, ol USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we biznes-gurşawy guramak boýunça taslamasynyň goldamagynda «Оrlan» kompaniýasynyň «Handmade Export 2021» telekeçiligi goldamak maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Türkmenistandaky Fransiýa instituty tarapyndan gurnalýan fransuz telekeçilik dili boýunça okuwlar ýurdymyzyň zenan telekeçilerini sowatly taýýarlamagyň möhüm tapgyry bolar. Okuwlar şu ýylyň oktýabryndan dekabr aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: