YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri 116 million 581 müň manatlykdan gowrak oba hojalyk we azyk önümlerini öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 116 million 581 müň manatlykdan gowrak oba hojalyk we azyk önümlerini öndürdiler we söwda nokatlaryna ugratdylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25 million 804 müň manatlykdan köpdür.

Mundan beýläk hem önümçiligi artdyrmak ugrunda hem alada edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň  degişli kararlarynyň we buýruklarynyň esasynda welaýatda 38 sany ýyladyşhanalary gurmak üçin  113, 8 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Şu möwsümde olaryň 20-isinde ekin ekildi. Ýene-de 11 sanysy döwlet kabul ediş toparyndan geçirildi. 4 sanysynda döwlet kabul ediş toparyndan geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: