TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde guradylar.
Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň, bilim ulgamynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar. Olar şanly senä bagyşlanan iki günlük sergä tomaşa etdiler. Bu ýerde beýleki kitaplaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda çapdan çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitaby hem goýlupdyr. Ýaş suratkeşler bolsa sergä soňky 25 ýylda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri beýan edýän suratlaryny getiripdirler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Maslahatyň ikinji gününde bu senä bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda serginiň çäginde guralan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Onda Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Reýhan Tahyrowa we Şahimbek Şatlykow degişlilikde birinji we ikinji baýrakly orunlara, Seýdi şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Selbi Ruslanowa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler TMÝG-niň welaýat geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply