SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly türgenler «Banzai Cup» halkara ýaryşyndan ýeňiş bilen dolandylar

Berlinde karate boýunça 17-nji gezek geçirilen bu halkara ýaryşa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda türkmenistanly karateçiler hem bolup, olar 4 altyn, 2 kümüş, 7 bürünç medal  gazandylar. Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny Öwezmyrat Sapardurdyýew, Allanur Ýalkabow, Resul Atajanow we Dawut Nazmyradow gazandy. Kümüş medallaryň ikisini hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow gazandy. Has takygy, ol 75 kilograma çenli 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda we şol agram derejesinde açyk ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: