YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda süýdüň öndürilişi artýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 1 müň 221 tonnadan geçirip süýt öndüriler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20 tonna ýakyn köpdür.

Maglumatlar «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda has uly ösüşiň gazanylandygyna şaýatlyk edýärler. Bu ýerde sekiz aýyň dowamynda 260 tonna ýakyn süýt öndürildi. Bu geçen ýylyň ýanwar—awgust  aýlaryndakydan 236 tonnadan gowrak köpdür. Faraply telekeçi Patma Jumaýewa bolsa 70 tonna süýt öndürdi. Bu onuň geçen ýylky görkezijisinden 46 tonna köpdür. Sygyrlary şu ýyl süýt berip başlan çärjewli telekeçi Rozykuly Mämmedow bolsa müşderilerine 40 tonna önüm iberdi. Işini Kerki etrabynda alyp barýan telekeçi Ogulsapar Möwlamberdiýewa bolsa geçen ýylkysyndan 13 tonnadan gowrak süýt öndürdi we 19,5 tonna önümi ulanyjylara ugratdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: