SPORT WE SYÝAHAT

Neýmar 400 million ýewrodan ýüz öwürdi

PSŽ-niň hüjümçisi Neýmar Saud Arabystanynyň klublarynyň birinden berlen ýyllyk 400 million ýewro tölemek baradaky teklibi ret etdi.

«Footmercato» neşiriniň habaryna görä, Ronaldunyň çykyş edýän çempionatyndan ady mälim edilmeýän klub braziliýaly hüjümçä ýyllyk 400 million ýewro tölemegi teklip etdi. Ýöne Neýmar bu teklibe razy bolmady. Ol Ýewropada oýnamak isleýär.

Indi Neýmaryň öňünde iki ýol bar. Olaryň biri PSŽ-de galmak, ikinjisi bolsa «Mançester Ýunaýtede» geçmekdir. Ýöne PSŽ hüjümçi häzirki alýan hakynyň azaldylmagyna razy bolsa, onuň bilen täze şertnama baglaşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: