YKDYSADYÝET

Önümçiligiň ösüş depgini 108,2 göterim

Bu görkeziji Gökdepäniň gön zawodyna degişlidir. Has takygy, şu ýylyň geçen 8 aýynda zawodda 8 million 195 müň manatdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem zawodda ownukdyr iri şahly mallaryň derisiniň birnäçe tonnasynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde önüme bolan islegiň hem artýandygy bellärliklidir. Dürli görnüşdäki we ölçegdäki ekologik taýdan arassa taýýarlanan gön önümleri aýakgaplaryň, guşaklaryň, gyşky lybaslaryň, torbalaryň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: