SPORT WE SYÝAHAT

Lebabyň gandbol ýygyndysy Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi

Lebap welaýatynyň gandbol ýygyndysy Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi.

Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurduň Gandbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirildi.

Paýtagtdan we ýurduň ähli sebitlerinden toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary birinji, maryly gandbolçular üçünji orny eýelediler.

Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: