YKDYSADYÝET

«Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde süýt önümleriniň 20 görnüşi öndürilýär

Daşoguz şäherindäki «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 152,8 göterime çenli ýokarlandy.

Bu ýerde öndürilýän gaýmak, gatyk, mesge ýagy, peýnir, uýadylan gaýmak, ereme peýniri, duzlanan peýnir, dorag, aýran ýaly süýt we süýt önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 20-ä ýetdi, diýip «Bereketli toprak» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: