YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üç sany guýyny ulanyşa girizdiler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üçin geçen ýyl üstünliklere beslendi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende tebigy gazyň önümçiliginiň ösüş depgini 144%-e deň boldy, diýip, «oilgas.gov.tm» ýazýar.

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň brigadalarynyň hünärmenleri guýularyň öndürijiligini dikeltmek we artdyrmak bilen bagly işleriň giň toplumyny ýerine ýetirýärler.

2022-nji ýylyň başyndan bäri, üç sany guýy abatlanyldy we ulanyşa girizildi, geçen ýylda – 42 sany guýy ulanyşa girizildi.

Abatlaýyş-öňüni alyş çäreleri tehnologik prosesleriň howpsuzlygynyň girewi bolup durýar, guýularyň düýpli abatlanylmagy bolsa, olaryň öndürijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: