YKDYSADYÝET

«Çeper» tikin fabriginde ýanwar aýynyň meýilnamasy 172% ýerine ýetirildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde şu ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamasy 172 göterim amal edildi. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Fabrikde tikin önümleriniň dürli görnüşleri, esasan hem, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin egin eşikler tikilýär. Şeýle-de bu ýerde uly ýaşlylara we çagalara niýetlenen täze biçüwdäki bäsdeşlige ukyply dürli görnüşdäki egin-eşikler bilen birlikde ýorgan-düşekleriň hem öndürilip başlandygy bellärliklidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: