YKDYSADYÝET

Azyk harytlaryny öndürmekde hususy önüm öndürijileriň paýy uly

Şu ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýatynda hususy önüm öndürijiler tarapyndan 1000 tonna golaý süýt we süýt önümleri öndürildi.

Bu işe aýry-aýry telekeçiler has uly goşant goşdular. Mysal üçin, işini  Dänewde alyp barýan «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda ýylyň birinji ýarymynda 182 tonnadan gowrak süýt we süýt önümleri alyjylara ugradyldy. Bu tutuş welaýat boýunça taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň bäşden birine golaýydyr. Çärjewli telekeçi Berdimyrat Möwlamow bolsa ýylyň başyndan bäri 75 tonna süýt we süýt önümlerini taýýarlady. Çärjew etrabyndan Begmyrat Aýmyradow 55, Dänew etrabyndan Jemşit Demirow bilen Farapdan Patma Jumaýewa 50, Saýat etrabyndan Alym Joraýew 42 tonna önüm öndürdiler.

Lebap welaýatynda hususyýetçileriniň 50-den gowragy süýt we süýt önümlerini taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: