YKDYSADYÝET

«Guwlyduz» kombinatynda meýilnama artygy bilen amal edildi

«Guwlyduz» kombinatynda şu ýylyň birinji ýarymynda gazylyp alnan duzuň umumy mukdary 48,2 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterim amal edildi. Şu döwürde alnan nahar duzunyň möçberi 15 müň tonnadan hem geçdi. Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän bu kärhanada çykarylýan nahar we tehniki duzlar sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.

Kärhananyň taýýarlaýan tehniki duzlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamlarynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: