TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» bölegi ulanylmaga berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi.

Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: