TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara ýeňillikler döretmek dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda köp çagaly maşgalalara kömek bermegiň täze kadalaryny girizmek boýunça tekliplerini öňe sürdi.

«Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder», diýip milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: