JEMGYÝET

Türkmenistanly iki žurnalist halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

«Media Turkmen» habarlar agentliginiň we «Türkmenistan» gazetiniň habarçylary Leonid Kiýaşko we Aýgül Rahymowa dagylar VII Hazar mediýaforumynyň çäklerinde geçirilýän «Araçäksiz Hazar» halkara bäsleşiginiň iki görnüşinde baýrakly orunlary eýelediler.

Leonid Kiýaşkonyň hazar düwlenleri halas etmäge bagyşlanan makalasyna bäsleşigiň «Adam we deňiz» görnüşinde ikinji orun berildi. Aýgül Rahymowanyň dünýä parahatçylyk ýaýýan başlangyçlaryň dostlukly Hazaryň kenarynda öz beýanyny tapýandygy baradaky makalasy «Täze garaýyş» görnüşinde ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşige Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Russiýadan 44 žurnalist 160 iş iberipdir.

Ýeňijileri sylaglaýyş dabarasy Astrahan şäherinde bolup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: