Lebap welaýatynyň telekeçileri gurluşyklary ýokary hilli kerpiç bilen üpjün etmekde işjeňlik görkezýärler.
Mysal üçin, «Dury çeşme» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri kerpijiň 1 million 750 müňüsi öndürildi we ulanyjylara ugradyldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 482 müňe ýakyn köpdür. «Joşgunly iş» hususy kärhanasynda bolsa bu önümiň öndürilen möçberi 3 million 103 müňe ýetdi. Bu kärhananyň geçen ýyldaky görkezijisinden 2 million 53 müň köpdür. «Asylly başlangyç» hususy kärhanasynda bolsa 1 million 35 müň kerpiç bişirilip, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy. Bu geçen ýylyň sekiz aýynyň görkezijisinde 615 müň köpdür.
