Ýaz ekişine taýýarlyk görülýär
Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň, onuň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda tehnikalary ýaz ekişine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Alymyzdaky baharda daýhan birleşiklerini meýdanlaryna ekijileriň 325-siniň çykarylmagy meýilleşdirilýär. Tehnikalaryň ählisi hem doly abatlanyldy we ulanmaga taýýar edilip goýuldy. Olaryň 21-si «Monosem NG Plus 4» kysymly ekijiler. Olar geçen ýylyň gowaça ekişiniň öň ýanynda gelip gowuşdylar. Bu ekijiler bir bada sekiz hatara agrotehnikanyň talap edýän çuňlugyna we takyk aralyga tohum taşlaýarlar hem-de gidip barşyna topragy zerur bolan derejede dykyzlaýar.
«CASE», «John-Deere 8245R», «Claas Axion 850», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 300-den gowragy, olara çatyljak azallar abatlanylypdyr.
Öňde duran möwsümde ýer tekizleýjileriň 230 töweregi, dişli boronalaryň 7 müň 900-e ýakyny, malalaryň 550-den gowragy we beýleki abzallaryň hem ýeterlik mukdary işlediler. Eýýämden kultiwatorlaryň 1 müň 100-e ýakyny taýýar edilip goýuldy. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli «Claas Axos 340HC», «MTZ-80H«, «MTZ-82«, «John Deere 6175M» kysymly bejergi traktorlarynyň 340-a ýakyny bolup bolup, olaryň ählisi diýen ýaly gurat we bejergi işlerini geçirmäge taýýar.