Türkmenabatdaky teatrda Magtymguly Pyraga bagyşlanan eser sahnalaşdyrylýar
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli «Pyragy» atly sahna eserini taýýarlaýar. Eseri teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrýar.
Teatryň döredijilik işgärleri ýylyň-ýylyna baýramçylyk dabaralaryna özboluşly we bütin adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly eserlerden hem-de rowaýatlardan söz açýan drama eserleri bilen gatnaşýarlar.
Režissýoryň gürrüň bermegine görä, täze sahnalaşdyrylýan spektakl hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň bellenilýän günlerinde Magtymguly Pyragynyň ýiti zehinini ýene bir ýola beýgeltmek bilen bir hatarda tomaşaçylara ruhy lezzet paýlar.