SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti şeýle habar berýär:

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 7-nji dekabrdan 17-nji dekabra çenli dowam etjek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna 74 döwletden 432 türgen gatnaşar. Şu gezekki ýaryşlar erkekleriň arasyndaky 86-njy, zenanlaryň arasyndaky 29-njy dünýä çempionaty bolar. Dünýä çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndysy 11 türgen bilen gatnaşýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly agyr atletikaçylar yzda galan dünýä çempionatlarynda dört gezek hormat münberine çykmagy başardylar. Olaryň ikisi dünýäniň çempionlygy, galan ikisi bolsa wise-çempionlykdyr. Türkmenistanly türgenler iri ýaryşa Gökdere jülgesinde we Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde taýýarlandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: