SPORT WE SYÝAHAT

Pekin—2022: Olimpiýa alawy söndürildi

Olimpiýa alawyny dabaraly ýagdaýda söndürilenden soň 2022-nji ýylyň gyşky oýunlary tamamlandy. Olimpiýa baýdagy Milana geçirildi. Bütin dünýäniň sport muşdaklaryny- on alty günüň dowamynda syn eden oýunlary tamamlandy. Sport söýüjilerine söz bilen beýan edip bolmajak duýgulary sowgat eden oýunlar dünýäniň öňde baryjy telekanallary tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi.

Medal hasaby boýunça norweg türgenleri soňuna çenli öňdeligi elden bermediler. Olar on alty altyn, sekiz kümüş we on üç bürünç — jemi otuz ýedi medal gazandylar.

Germaniýaly türgenler hem on ikisi altyn, onusy kümüş, bäşisi bürünç bolan ýigrimi ýedi medal bilen ikinji orny saklap galdylar.

Hytaýly türgenler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň toparyny dördünji orna süýşürmek bilen, üçünji orna galdylar. Olaryň hasabynda on baş: dokuz altyn, dört kümüş we iki bürünç medal bar.

Medallaryň umumy sany boýunça hem norwegiýaly türgenler birinji orunda. Ikinji orny otuz iki medal jemlän Russiýaly türgenler eýelediler. Üçünji orunda Germaniýa.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: