«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.
Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler.
Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan, şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr.
«Hatyra» kitaby 1993 — 1998-nji ýyllarda neşir edildi. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy.