SPORT WE SYÝAHAT

Koşeçkin hokkeý bilen hoşlaşdy

2018-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň hokkeý boýunça çempiony, derwezeçi Wasiliý Koşeçkin sport ýoluny tamamlady. Ol bu barada «Sport Ekspress» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

«Mundan bir ýyl ozal şertnama gol çekemde, şol möwsümiň meniň üçin iň soňky möwsüm boljakdygyny bilýärdim. Men ömrümdäki iň möhüm we iň gyzykly döwri yzda galdyrdym. Hokkeýi hemişe gowy görerin, ýöne fiziki ýagdaýym indi dowam etdirmäge mümkinçilik bermeýär. Wagt geldi» diýip, ol interwýuda bu barada habar berdi.

Şu gün ― 27-nji martda Koşeçkin 40 ýaşyny tegeleýär. Ol 2018-nji ýyldaky Olimpiýa çempionlygyndan başga-da, 2009-njy ýylda dünýäniň çempiony boldy. Dünýä çempionatlarynda Koşeçkiniň 2010-njy ýylda kümüş, 2007-nji ýylda bürünç medallary hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: