Saýatda adaty karate boýunça welaýat birinjiligi geçirildi
Saýat etrabynda adaty karate boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen welaýatyň birinjiligi Türkmenabat şäherinden we etraplardan sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň 100-den gowragyny özünde jemledi.
Şolaryň 70-si şu sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Röwşen Hudaýbergenowyň şägirtleridir.
Ýaryş 6 ýaşdan başlap, 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda adaty karateniň kata, kumite görnüşleri we şahsy tutluşyklar boýunça geçirildi.
Ýaryşda mekdebiň türgenleri öňdäki orunlaryň 51-sini gazanyp, toparlaýyn hasapda hem birinji orna mynasyp boldular.
Häzirki günlerde bolsa olar tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda ýurt we halkara derejeli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.