JEMGYÝET

Türkmenistanda zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar

Lebap welaýatynyň edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşurylýar.
Sowgatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda gowşurylýar. Onda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply