JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplaryň 1484-si gelip gowuşdy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen täze kitaplaryň 1272-si «Galkynyş» kitap merkezine degişlidir. Täze neşirleriň ýene-de 212-si bolsa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň welaýat kitaphanasyna sowgadydyr.

Bu sowgatlyk neşirler ýurdumyzyň teatr sungatynyň wekillerine niýetlenen «Garaşsyzlygyň joşguny» we «Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri» atly kitaplaryň I we II tomlaryndan ybaratdyr. Kitaphana işgärleri täze gelip gowşan kitaplaryň belli bir bölegini welaýatyň etrap-şäher merkezi kitaphanalara we kitaphana şahamçalaryna ugratdylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: