TÜRKMENISTAN HABARLARY

Otlularyň gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly düşündiriş berildi

Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy «Türkmen gündogary» gazetiniň üsti bilen «Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat» ugry boýunça demirýol boýunça ýolagçy otlularynyň gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly düşündiriş berdi.
Onda Aşgabat şäherine ugrajak raýatlaryň Türkmenabat demir ýol menzilinde guralan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüzlenip, COVID-19 ýokanjyna barlanmak üçin şol ýerdäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmalydygy barada aýdylýar. Barlagyň jogabynyň hem şol ýerde berilýändigi habar berilýär.
Şonuň ýaly-da, 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan welaýat Köpugurly söwda bazarynyň, Türkmenabat şäherindäki «Lebap» dynç alyş we söwda merkeziniň we Kerki şäherindäki «Altyn asyr» bazarynyň açylyp, işe başlandygy habar berilýär. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Tälim» hususy kärhanasyna degişli we «Rowaç» tölegli okuw merkezleriniň işe başlandygy okyjylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply